“Eýran Ýakyn Gündogarda dartgynlyga sebäp bolýar”

Tramp Riýatda halkara Şa Abdulaziz sergi we kongres merkezinde geçirlen “ABŞ-Arap-musulman ýurtlar” maslahatyna gatnaşdy

736409
“Eýran Ýakyn Gündogarda dartgynlyga sebäp bolýar”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda halkara Şa Abdulaziz sergi we kongres merkezinde geçirlen “ABŞ-Arap-musulman ýurtlar” maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Tramp maslahatda 50-den gowrak Arap we musulman ýurduň lliderine ýüzlenip eden çykyşynda “Biz ýagty geljek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen bir ýere jemlenişdik” diýdi.

Ýakyn Gündogarda asyrlardan bäri ähli dinleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşaýandygyny aýdan Donald Tramp hoşniýetliligiň we arkalaşygyň ýaňadandan üpjün edilmelidigini belledi.

Terrora garşy göreşiň tapawutly ynançlaryň arasyndaky däl eýsem gowy bilen erbediň arasyndaky söweşdigini nygtan Tramp ýurduny terrorçylardan saplamagyň her bir ýurduň esasy wezipesidini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti dünýä ýurtlaryna Siriýadaky adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy we sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegi we DAIŞ-iň dolulygyna ýok edilmegi üçin birlikde işleşmek çagyryşyny berdi.

Tramp Eýranyň sebitdäki hüjüm ediji syýasatynyň jerimesini eýranyň halkynyň çekýändigine ünsi çekdi.

Tramp Başar Asadyň Eýrandan uly goldaw alýandygyny belledi.

Donald Tramp “Eýranyň hökümeti halkara terrora öňbaşçylyk edýär. Sebitde haosa sebäp bolýar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar