ABŞ Hytaýa Demirgazyk Koreýa babatynda çagyryş berdi

ABŞ Hytaýyň ykdysady güýjüni ulanyp Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik programalaryny duruzmagyny isledi

712440
ABŞ Hytaýa Demirgazyk Koreýa babatynda çagyryş berdi

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň wagtlaýyn metbugat geňeşçisi Mark Toner gündelik metbugat ýygnagynda Hytaýyň Demirgazyk Koreýa bilen güýçli ykdysady gatnaşyklarynyň bardygyny belläp: “Hytaýyň ykdysady gatnaşyklar sebäpli Demirgazyk Koreýa garşy artykmaçlygy bar. Hytaý Demirgazyk Koreýa bilen bu gatnaşyklary ulanyp ýadro we ballistik programalaryň bes edilmegini üpjün edip biler” diýdi.

Mark Toner soňky 6 aýda Demirgazyk Koreýanyň ençeme gezek raketa synaglaryny geçirendigini ýatladyp, halkara jemgyýetiň Demirgazyk Koreýa garşy çäre görmelidigini belledi.

Demirgazyk Koreýa garşy gyssagly ýagdaýda çäre görülmeldigine ünsi çeken Toner meseläniň çözgüdiniň uzak möhletde dälde, gysga möhletde tapylmaldygyny habar berdi.



Degişli Habarlar