G-7-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Italiýada duşuşdy

G-7-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri şu gün hem Pars aýlag ýurtlarynyň, Iordaniýanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilen duşuşar

709918
G-7-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Italiýada duşuşdy

G-7-ä agza ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Ýaponiýanyň, Britaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Kanadanyň Daşary işler ministrleri Italiýanyň Lujja şäherinde duşuşdy.

Maslahata gurama agza bolmadyk ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekili Federika Mogherini hem gatnaşdy.

2 günlük maslahatda ministrler Russiýanyň Asada berýän goldawyndan ýüz öwürmeginiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşar

Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Jonson Asada goldaw bermegiň Russiýa gelişmeýändigini aýtdy, siriýaly we rus harby ýolbaşçylara goşmaça embargo goýuljakdygyna ünsi çekdi.

G-7-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri şu gün hem Pars aýlag ýurtlarynyň, Iordaniýanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri bilen duşuşar.



Degişli Habarlar