Russiýa ÝPG bilen baglanşykly habarlaryň nädogrydygyny beýan etdi

Russiýa aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG bilen ylalaşyp, ýurdyň demirgazygynda baza gurjakdygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny mälim etdi

695794
Russiýa ÝPG bilen baglanşykly habarlaryň nädogrydygyny beýan etdi

Sputnik tarapyndan berilen habara görä Russiýanyň Goranmak ministrligi terror guramasy ÝPG agza terrorçylaryň Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda baza guruljakdygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny habar berdi.

Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Afriniň golaýynda Russiýanyň Siriýadaky parahatçylyk ylalaşygyna gözegçilik merkeziniň bir bölüminiň açyljakdygy bellendi.

Beýanatda Russiýanyň Siriýadaky ylalaşyga gözegçilik merkezine degişli bir toparyň ylalaşygyň düzgünleriniň öňüniň alynmagy maksady bilen Afriniň golaýynda PÝD/PKK bilen Azat Siriýa goşunynyň arasynda ýerleşdiriljekdigi nygtalýar.

Türkiýe bolsa Siriýanyň Rakka şäherinde terror guramasy DAIŞ-e garşy geçiriljek operasiýa babatynda hyzmatdaş ýurtlaryň PÝD bilen bilelikde hereket etmegini berk ýazgarýar.



Degişli Habarlar