Halapda metjide guralan howa hüjüminde 58 adam ýogaldy

Hüjümde onlarça adamyň hem ýaralandygy nygtalýar

693301
Halapda  metjide guralan howa hüjüminde 58 adam ýogaldy

Siriýanyň Halap şäheriniň Etarib etrabynyň Jina obasynda ýassy namazynda metjide guralan howa hüjüminde 58 adam ýogaldy.

Hüjümde onlarça adamyň hem ýaralandygy nygtalýar.

Metjitde 200-300 adamyň bardygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.

Beýleki tarapdan howa hüjümini ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligine tabynlykdaky uçarlaryň gurandygy ýüze çykdy.

Mesele hakynda berlen ilkinji ýazmaça beýanatda hüjümiň İdlibde guralandygyny ýatladan ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi “Al Kaida degişli binanyň nyşana alynandygyny we köp sanly terrorçynyň öldürlendigini” öňe sürüpdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Idlib , #mesele , #metjit , #Halap

Degişli Habarlar