Metjidi partlatjak diýen amerikaly 1 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Amerikanyň Minnesota ştatyndaky metjitleriň birini partlatjak diýen amerikaly Jorj Fişer 1 ýyl azatlykdan mahrum edildi

687858
Metjidi partlatjak diýen amerikaly 1 ýyl azatlykdan mahrum edildi

ABŞ-nyň Adalat ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Fişeriň 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Minneapolis şäherindäki “Tewfik yslam merkezi” atly metjide hat iberendigi we metjidi içindäki ähli adamlar bilen bilelikde partlatjakdygy barada haýbat atandygy bellenýär.

Fişeriň 2016-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky kazyýet diňlenşiginde günäsini boýun alandygy ýatladylýan beýanatda Fişeriň kazy tarapyndan 1 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi we 3 ýyl gözegçilik astynda azatlyk jezasynyň berilendigi habar berilýär.



Degişli Habarlar