Tramp we Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirerler

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň täze Prezident Donald Tramp ertir telefon arkaly söhbetdeşlik geçirerler

660260
Tramp we Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirerler

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Putin we Trampyň ertir telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegi meýilleşdirýändiklerini mälim etdi.

Peskow CNN kanalynyň bu babatdaky soragyna “Hawa, dogry” diýip jogap berdi.

Telefon söhbetdeşligi geçirilen halatynda Trampyň wezipä belleneninden soň, Russiýanyň lideri bilen geçirjek ilkinji söhbetdeşligi bolar.

Birnäçe gün ozal hem Donald Tramp Fox News kanalyna beren interwýusynda ýakyn wagtda Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini belläp: “Saýlawlarda üstün çykanymda Putin maňa jaň etdi. Ondan soň söhbetdeş bolmadyk. Ýakyn wagtda söhbetdeşlik geçirjekdigimize ynanýaryn” diýipdi.



Degişli Habarlar