Lawrow Siriýa gepleşikleriniň fewral aýynyň ahyrynda başlajakdygyny aýtdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow fewral aýynyň 8-de Ženewada başlamagy meýilleşdirilen Siriýa boýunça gepleşikleriň aýyň ahyryna süýşürilendigini habar berdi

660434
Lawrow Siriýa gepleşikleriniň fewral aýynyň ahyrynda başlajakdygyny aýtdy

Lawrow siriýaly oppozisionerler bilen Moskwada geçiren duşuşygynda Ženewa gepleşikleri barada; “8-nji fewraldan fewral aýynyň ahyryna süýşürildi” diýdi.

Lawrow gepleşikleriň yza süýşürilme sebäbi barada bolsa maglumat bermedi.

Sergeý Lawrow aprel aýyndan bäri Ženewa gepleşikleriniň täze tapgyryny gurap bilmeýän BMG-daky kärdeşleriniň passiwligini tankyt etdi.

Lawrow Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen gepleşiklere Siriýa meselesiniň çözülmegi taýdan täze we möhüm başlangyç hökmünde garalýandyklaryna ünsi çekip, Astanada Türkiýäniň we Russiýanyň kepilliginde yglan edilen ylalaşygyň tassyklanandygyny aýtdy.

Russiýanyň Astanada taraplara hödürlän konstitutsiýa teklibi barada-da durup geçen Lawrow, taslama tekstde hökümetiň we oppozisionerleriň pozisiýalaryndaky meňzeşlikleriň ýüze çykarylmaga synanşylýandygyny nygtady.

Lawrow Russiýanyň öz konstitutsion taslamasyny kabul etdirmäge synanşmaýandygyny, onuň Ženewada ara alyp maslahatlaşmak üçin taýarlanan we taraplara hödürlenen teklipden ybaratdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar