Halapdan oppozisionerler bilen asuda ilatyň halas ediş etabynda soňky tapgyra gelinýär

Çawuşogly 37 müň 500 adamyň şäheri terk edendigini we asuda ilatyň halas ediş işleriniň ertire çenli tamamlanjakdygyny mälim etdi

634442
Halapdan oppozisionerler bilen asuda ilatyň halas ediş etabynda soňky tapgyra gelinýär

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň synçy ugratmak kararyndan soň Siriýanyň Halap şäherinde oppozisionerler bilen asuda ilatyň halas ediş etabynda soňky tapgyra gelinýär.

Siriýanyň ýaragly güýçleri günüň dowamynda Halapda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky soňky etrapça girjekdigini mälim etdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem 37 müň 500 adamyň şäheri terk edendigini we asuda ilatyň halas ediş işleriniň ertire çenli tamamlanjakdygyny mälim etdi.

BMG-nyň hem göçürilşik etaby bilen ýakyndan gyzyklanmak üçin Halaba 20 synçy ugratmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar