Türk raýatlaryna geljek aý wiza erkinligi berlip bilner

Die Welt gazeti wiza erkinliginiň berilmegi üçin geljek aý ylalaşyk gazanylyp bilinjekdigini öňe sürdi

621650
Türk raýatlaryna geljek aý wiza erkinligi berlip bilner

 

Germaniýada çap edilýän Die Welt gazeti Ankara bilen Brýusseliň türk raýatlaryna wiza erkinliginiň berilmegi üçin gepleşik geçirýändigini we iki tarapyň mesele hakynda geljek aý ylalaşyk gazanyp biljekdigini öňe sürdi.

Huffington Postuň nemes dilindäki saýtynda berlen habara görä bolsa, wiza ulgamynyň bes edilmegi üçin anyk meýilnama bar we meýilnamanyň geljek hepde durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Die Welt gazetine beýanat beren ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçysy hem türk raýatlaryna wiza erkinliginiň berilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Wiza erkinligi hakyndaky gepleşikleriň Brýusselde ÝB ministri Ömer Çeligiň, ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Frans Timmermansyň,ÝB-niň Göç edilşik boýunça komisary Dimitris Awramopulosyň be Howpsyzlyk komisary Kingiň arasynda geçirilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar