Türkiýe ŞHG-nyň Energetika klubynyň 2017-nji ýyldaky döwürleýin ýolbaşçylygyna bellendi

Türkiýäniň ýolbaşçylyga bellenmegi baradaky karar biragyzdan kabul edildi

616696
Türkiýe ŞHG-nyň Energetika klubynyň 2017-nji ýyldaky döwürleýin ýolbaşçylygyna bellendi

Energetike klubynda şu günki güne çenli agza ýurtlar döwürleýin ýolbaşçylyga saýlanýardylar.

Şeýlelikde ilkinji gezek agza bolmadyk ýurda ýolbaşçylyk wezipesi berildi.

Klubda guramanyň agzalaryndan daşgary hyzmatdaş ýurtlar hem orun eýeleýär.

Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Belarusyň we Şri Lankanyň degişli bolmagyndaky Energetika kluby 2013-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.

Energetika klubyna degişli ýurtlar dünýäde öndürilýän elektrik togunyň 36, tebigy gazyň 23, nebitiň 20,8, kömüriň bolsa 60,25 göterimini öndürýär.

Prezident R.T.Erdogan Özbegistana saparyndan gaýdyşyn ÝB bilen güýmenmeli däldigini, Şanhaý bäşligine goşulma ähtimallygynyň hem Türkiýede seljerilmeginiň ähmiýetine ünsi çekipdi.



Degişli Habarlar