Hindistanda otly heläkçiliginde 120 adam ýogaldy

Otly heläkçiliginde 14 wagon relýesden çykdy

614985
Hindistanda otly heläkçiliginde 120 adam ýogaldy

Hindistanda relýesden çykan otly azyndan 120 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Uttar Pradeş welaýatynyň Kanpur şäheriniň golaýynda bolan otly heläkçiliginde 14 wagon relýesden çykdy.

Dünýäniň iň uly otly ýoly torlaryndan biri bolan Hindistanda otly ýollary ulanylýan esasy ulag torlaryndan biridir, emma muňa garamazdan demir ýollaryna ýeterlik derejede maýa goýulmaýandygy sebäpli ýygy-ýygyndan heläkçilik bolýar.

 



Degişli Habarlar