Hyzmatdaş güýçleri soňky 1 hepde-de ikinji gezek Fransiýada duşuşdy

Operasiýa goldaw berýän 13 ýurduň goranmak ministri Mosuldan soň Siriýanyň Rakka şäheriniň terrorçylardan saplanmagy üçin operasiýa guraljakdygyny mälim etdi

597152
Hyzmatdaş güýçleri soňky 1 hepde-de ikinji gezek Fransiýada duşuşdy

Yragyň Mosul şäheriniň terror guramasy DAIŞ-den yzyna alynmagy üçin guralýan operasiýalar dowam edýär, beýleki tarapdan  DAIŞ-e garşy göreşýän hyzmatdaş güýçleri soňky 1 hepde-de ikinji gezek Fransiýada duşuşdy.

Operasiýa goldaw berýän 13 ýurduň goranmak ministri Mosuldan soň Siriýanyň Rakka şäheriniň terrorçylardan saplanmagy üçin operasiýa guraljakdygyny mälim etdi.

Maslahatdan soň berlen beýanatda Mosul operasiýasynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigini emma yzygiderli ýeňiş üçin sebitdäki esasy güýçler we ýerli toparlar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Fransiýanyň Goranmak Ministri bilen ABŞ-nyň Goranmak ministri Karter bilelikdäki metbugat ýygnagynda Türkiýäniň hem DAIŞ-e garşy göreşde esasy hyzmatdaşlardan biridigini nygtady.

 



Degişli Habarlar