Ermeni garaýyşlaryna garşy çykan nemes deputat partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenmedi

Bettina Kudla Leýpsig şäherinde umumy saýlawlara gatnaşjak deputatlaryň kesgitlenen maslahatynda Leýpsig Nord sebitinden deputat saýlanmak üçin dalaşgär bolupdy

595273
Ermeni garaýyşlaryna garşy çykan nemes deputat partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenmedi

Germaniýanyň Federal mejlisinde 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly toslama ermeni garaýyşlaryny öz düzüminde jemleýän kanun taslama üçin geçirilen ses berilşikde ret sesini beren deputat Bettina Kudla partiýasy tarapyndan öňümizdäki ýyl geçiriljek saýlawlara dalaşgär hökmünde hödürlenmedi.

Bettina Kudla Leýpsig şäherinde umumy saýlawlara gatnaşjak deputatlaryň kesgitlenen maslahatynda Leýpsig Nord sebitinden deputat saýlanmak üçin dalaşgär bolupdy.

Üç garşydaşyna garşy bäsleşen Kudla saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda 125 wekiliň 36-synyň sesini alypdy.

Emma Kudlanyň ýerine Olimpiýa oýunlarynda çempion bolan 48 ýaşly Ýens Lehmann gönüden-göni dalaşgär hökmünde saýlandy.

Federal mejlisde 2-nji iýunda geçirilen ses berilşikde toslama ermeni garaýyşlaryny öz düzüminde jemleýän kanun taslamasyny ret eden ýeke-täk deputat bolan Kudla ses berilşikden soň beren beýanatynda beýleki ýurtlarda bolan taryhy wakalar bilen baglanşykly karar kabul etmegiň Germaniýanyň mejlisiniň wezipesi däldigini belläpdi.



Degişli Habarlar