“Türk esgeri Yragyň çakylygyna laýyklykda Başikada”

ABŞ türk esgeriniň Yragyň çakylygyna laýyklykda Başika ornaşandygyny mälim etdi

589806
“Türk esgeri Yragyň çakylygyna laýyklykda Başikada”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan ýokary derejeli ýolbaşçy “Türk esgerleri Yragyň hökümetiniň çakylygyna laýyklykda terror guramasy DAİŞ-e garşy söweşjek yrakly meýletinlere harby tälim bermek üçin Başika bardy” diýdi.

Ýokary derejeli ýolbaşçy Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň döwrüň Premýer ministri Ahmet Dawutogly bilen 2014-nji ýylyň 25-nji dekabrynda beren beýanatynda, Türkiýe bilen birlikde beýleki goňşularyny DAİŞ-e garşy göreşmek üçin Yraga çagyrandygyny ýatlatdy.

Resmi Bagdat Mosulyň golaýyndaky Başika düşelgesine ornaşan türk esgeriniň barlygyna nägilelik bildirýär.



Degişli Habarlar