Ali Hamaneý Ahmedinežada prezident saýlawyna gatnaşmagy maslahat berdi

Eýranyň dini lideri Aýatulla Ali Hamaneý ozalky prezident Mahmud Ahmedinežada geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawyna gatnaşmagyny maslahat berdi

577274
Ali Hamaneý Ahmedinežada prezident saýlawyna gatnaşmagy maslahat berdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” habar bermegine görä paýtagt Tägrandaky çärelerden birinde çykyş eden Hamaneý, Ahmedinežada saýlawa gatnaşmaga rugsat bermändigi barada metbugat çykan habarlar barada durup geçdi.

Adyny agzamazdan ozalky prezidentiň ýanyna gelip, özi bilen mesele barada pikir alyşandygyny nygtan Hamaneý: “Men hem oňa ýurduň bähbitlerini nazarda tutup, saýlawa gatnaşmazlygy maslahat berdim. Hatda “Gatnaşmaň” diýmedim. “Gatmaşmagyňyzyň gowy bolmajakdygyny pikir edýändin” diýdim” diýdi.

Aýatulla Ali Hamaneý ýurt üçin agzybir we jebis bolunmalydygyny, ozalky prezident Ahmedinežadyň saýlawa gatnaşmagynyň bolsa bölünşige sebäp boljakdygyny pikir edendigini aýtdy.

Eýranyň mediasynyň Hamaneýiň käbir konserwatorlar tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Mahmud Ahmedinežadyň maý aýynda geçiriljek prezident saýlawyna gatnaşmagyna rugsat bermändigi baradaky habarlary çap edildi.

Bu baradaky habarlarda Hamaneýiň rugsat bermändigine garamazdan saýlawa gatnaşmak islän dalaşgärleriň ýeterlik derejesini derňeýän Konstitutsiýany goraýjylar geňeşiniň Ahmedinežadyň dalaşgärligini tassyklamandygy öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar