Yrakda zenan ministre öz öýünde hüjüm guraldy

Tehnokrat asylly An Awsi ministrlik wezipesine 20 gün ozal bellenipdi

565708
Yrakda zenan ministre öz öýünde hüjüm guraldy

Wezipesine täze başlan Abatlaýyş, ýerleşdirme we munisipalitet ministri An Awsiniň paýtagt Bagdatdaky öýünde şahsyýetleri näbelli bolan adamlar tarapyndan hüjüm guraldy.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: “Ministr Awsiniň öýüne ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guraldy. Hüjüm sebäpli öýe zeper ýetdi” diýip mälim edildi.

Beýanatda: “Ministriň nyşana alynmagynyň hökümetiň reforma göçümini duzdurmagy maksat edinilýändigini görkezýär” diýildi.

Tehnokrat asylly An Awsi ministrlik wezipesine 20 gün ozal bellenipdi.



Degişli Habarlar