Rus uçarlar Siriýada hassahanany bombalady

Russiýanyň harby uçarlary Siriýanyň Idlib şäheriniň Serakib etrabynda ýerleşýän hassahanany bombalady

565304
Rus uçarlar Siriýada hassahanany bombalady

Sebitiň graždan goranyşynyň resmisi Hazim Sileýbi Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda rus uçarynyň Idlib şäheriniň demirgazygyndaky, oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Serakib etrabynda ýerleşýän Şypa hassahanasyna iki aýry howa hüjümini gurandygyny habar berdi.

Wakada 1 adamyň ýaralanandygyny bellän Sileýbi: “Ruslar sebitdäki ýeke täk galan hassahanany bombalady. Bu hassahana etraba we onuň golaýyndaky obalara hyzmat berýärdi. Hüjüm sebäpli hassahana zeper ýetdi we ulanylmajak ýagdaýa geldi” diýdi.

Russiýa Siriýada geçen ýylyň 30-njy sentýabryndan bäri Idlib, Halap we Hamada oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýerleşýän mekdepleri, hassahanalary we bazarlary bombalaýar.



Degişli Habarlar