Portugaliýadaky tokaý ýangynlarynda 3 adam ýogaldy

Portugaliýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Madeira adasynyň Funçal şäherindäki tokaý ýangynlarynda 3 adam ýogaldy

549325
Portugaliýadaky tokaý ýangynlarynda 3 adam ýogaldy

Duşenbe güni başlan we güýçli öwüsýän ýeliň we howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli ulalan we şäheriň merkezine tarap ugur alan ýangynda şeýle hem 2-siniň ýagdaýy agyr bolan 170 adam ýaralandy.

Ýangyn sebäpli azyndan 1 müň adam öz öýlerini terk etmäge mejbur galdy.

Ýüze çykan ýangyn bilen baglanşykly başadylan derňew işinde tokaýda ot ýakyp ýangynyň döremegine sebäp bolmak bilen aýyplanýan 1 adam göz tussaglygyna alyndy.

Beýleki tarapdan bolsa öz mümkinçilikleri bilen ýangyny söndürip bilmeýän Madeira adasynyň ýerli hökümeti Portugaliýanyň hökümetinden goldaw bermegini isledi.



Degişli Habarlar