Belgiýada gama bilen guralan hüjümde iki polisiýa işgäri ýaralandy

Belgiýanyň Şarlerua şäherinde polisiýanyň 2 işgärini ýaralan hüjümçi täsirsiz ýagdaýa getirildi. Hassahana alynyp gidilen hüjümçi ol ýerde öldi

546653
Belgiýada gama bilen guralan hüjümde iki polisiýa işgäri ýaralandy

Şarlerua şäheriniň polisiýa bölüminiň golaýynda bolan wakada sumkasyndan çykaran gamasy bilen polisiýa işgärlerini ýaralan hüjümçi polisiýa işgäri tarapyndan od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şarlerua şäheriniň polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Dewid Kuinauks wakada 1 polisiýa işgäriniň ýüzünden ýaralanandygyny, hüjümçiniň alynyp gidilen hassahanda ölendigini habar berdi.

Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişel RTL kanalyna beren beýanatynda hüjümçiniň şahsyýetiniň entek anyklanmandygyny, emma ilkinji dellilere görä hüjümiň terrorçylykly hüjüme meňzeýändigini belledi.

Fransiýadaky dynç alyşlygyny doly alman Belgiýa gaýdyp gelen Mişeliň Milli howpsyzlyk geňeşiniň ertirki adatdan daşary maslahatyna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Hüjümden soň Brýusseliň takmynan 60 km günortasynda ýerleşýän şäheride howpsyzlyk çäreleri artdyryldy.

Belgiýada geçen hepde 1 adam hüjüm guramagy meýilleşdirýändigi sebäpli tussag edilipdi.

22-nji martda Brýusseliň howa menzilinde we metro duralgasynda guralan hüjümlerde 32 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar