Nikonow: “Gülen Amerikanyň Merkezi razwedka gullugy bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar”

Dumanyň wekili Wýaçeslaw Nikonow Fetullah Gülen bilen baglanşykly beýanat berdi

542487
Nikonow: “Gülen Amerikanyň Merkezi razwedka gullugy bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar”

Russiýanyň Parlemendiniň deputaty Wýaçeslaw Nikonow Amerikanyň adamasy hökmünde häsýetlendiren Fetullahçy terror guramasy Pararlel döwlet ulgamynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugy (CIA) bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny öňe sürdi.

Nikonow FETÖ-niň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda: “Harby agdarlyşygyň esasy jogapkäriniň Gülendigini pikir edýärin. Şu wagt ABŞ-da ýaşaýan Gülen işewür dünýä, media, mekdepler, uniwersitetler we jemgyýetçilik guramalaryndan ybarat imperiýada höküm sürýär” diýdi.

Rus deputat mundan başgada: “Güleniň Türkiýedäki arabaglanşyklary ýüze çykmaga başlady. Emma şunuň bilen baglylykda Güleniň Amerikanyň adamsydygy hemmä aýan. Onuň Merkezi razwedka gullugy (CIA) bilen arabaglanşygy bar” diýdi.

Žurnalist we türkolog Wladislaw Wdowin harby agdarlyşyk synanyşygynyň Prezident R.T. Erdoganyň halkyň aglabasy tarapyndan goldanýandygyny tassyklandygyny mälim etdi.

Wdowin Erdoganyň wakalary giňişleýin görýän bir syýasatçydygyny we strategdigini belläp: “Erdogan harby agdarlyşyk synanşygynda gowy göçüm edip adamlary köçelere we meýdanlara çykmaga çagyrdy we agdarlyşykçylaryň şowsuzlygya uçuramagyna sebäp boldy” diýdi.



Degişli Habarlar