Ukraina bilen Kanadanyň arasynda erkin söwda şertnamasy baglaşyldy

"Kanada Ukraina üçin ynamdar hyzmatdaş"

527294
Ukraina bilen Kanadanyň arasynda erkin söwda şertnamasy baglaşyldy

 

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko resmi sapar bilen Kiewe gelen Kanadanyň Premýer ministri Justin Trudeauny kabul etdi.

Kabul edilşikden soň iki ýurduň arasynda erkin söwda şertnamasy baglaşyldy.

Gol çekişlik dabarasyna Ukrainanyň Premýer ministri Wladimir Groýsman hem gatnaşdy.

Şertnama  Ukrainanyň adyndan Ykdysadyýet, Galkynyş we söwda ministri Stepan Kubiw, Kanadanyň adyndan bolsa Halkara söwda ministri Kristia Freeland gol goýdy.

Prezident Poroşenko gol çekişlik dabarasyndan soň metbugata beren beýanatynda Kanadanyň Ukraina üçin ynamdar hyzmatdaşdygyny nygtady we Ukraina berýän goldawy sebäpli Kanadanyň halkyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

Poroşenko “Şu gün erkin söwda şertnamasyna gol çekişilmek bilen aýgytly ädim ädildi. Bu şertnama bilen iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda 7 ýylda gümrük päsgelçiligi hem ortadan aýrylar”diýdi.

Kanadanyň Premýer ministri hem “Şertnama iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň güýçlenmegine itergi berer” diýdi.

 



Degişli Habarlar