Fallujede DAEŞ-e agza azyndan 250 terrorçy öldürildi

Operasiýada şeýle hem gurama degişli 40 ulag hem hatardan çykaryldy

521450
Fallujede  DAEŞ-e agza azyndan 250 terrorçy öldürildi

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlaryň Yragyň Falluje şäherinde guran hüjüminde DAEŞ-e agza azyndan 250 terrorçy öldürildi.

Operasiýada gurama degişli 40 ulag hem hatardan çykaryldy.

Roýter habarlar gullugynyň Amerikaly ýokary derejeli ýolbaşça esaslanýan habaryna görä, düýn DAEŞ-e uly zarba uruldy.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri hem duşenbe güni beren beýanatynda amerikaly harby uçarlaryň goldaw bermeginde 2014-nji ýyldan bäri DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Falluje şäherine guralan operasiýada guramanyň ýolbaşçylary bilen birlikde 1500 terrorçynyň öldürlendigi nygtalypdy.

 

 


Etiketkalar: #Falluja , #Yrak , #DAEŞ , #agza

Degişli Habarlar