Owganystanda 12 terrorçy öldürildi

Owganystanyň Nangarhar welaýatynda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde guramanyň 12 agzasy öldürildi

519303
Owganystanda 12 terrorçy öldürildi

Owganystanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda operasiýada şeýle hem 20 terrorçynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýurduň tapawutly welaýatlarynda soňky 24 sagatda Talibana garşy operasiýada hem 45 başbozaryň öldürilendigi mälim edilýän beýanatda köp mukdarda ýaragyň we ok-däriniň ele salynandygyny belledi.

Beýanatda operasiýalarda howpsyzlyk güýjinden 7 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

DAEŞ-e agza terrorçylaryň geçen hepdäniň anna güni Kot etrabyna hüjüm guramagyndan soň sebitde howadan we gury ýerden operasiýa başladyldy.

Sebitdäki ýerli çeşmelerden alynan maglumatlara görä DAEŞ-iň etrapda guran hüjüminde ýogalan 8 adamyň arasynda çagalaryň we zenanlaryň hem bardygy bellendi.



Degişli Habarlar