Russiýanyň Kareliýa Awtonom Respublikasynda pajygaly waka boldy

Wakada 10-y çaga bolan 11 adam ýogaldy

514016
Russiýanyň Kareliýa Awtonom Respublikasynda pajygaly waka boldy

Russiýanyň demirgazygyndaky Kareliýa Awtonom Respublikasynda çagalaryň gezelenji pajygaly boldy. Kölleriň birinde bolan wakada 10-sy çaga bolan 11 adam ýogaldy.

Rissiýa Tudeý telewideniýesiniň habaryna görä Moskwadan giden 47 çaga bilen 4 uly adam, Sýamorzero kölüniň kenarynda çadyr gurdular.

Çagalaryň we ýanlaryndaky uly adamlaryň köle 3 gaýyk bolup gezelenje çykan mahallarynda tupan turdy. Gaýyklaryň ikisi batdy.

Pajygaly wakadan diňe halas ediş gursakçalaryny geýenler halas bolup bildiler. Okuwçylaryň biri ýüzüp kenara çykmagy başardy. Suwda dereksiz ýiten 3 okuwçynyň gözleg işleri dowam edýär.


Etiketkalar: #çagalar , #okuwçy , #çaga , #Kareliýa

Degişli Habarlar