Žoli Türkiýäniň bosgun krizisinde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy

Žoli Türkiýäniň bosgun syýasaty hakynda öwgüli sözler aýtdy

492692
Žoli Türkiýäniň bosgun krizisinde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy

 

Golliwudyň ýyldyzy Anželina Žoli Türkiýäniň bosgun krizisinde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy.

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň ýagşy niýetli ilçisi Žoli Britaniýanyň paýtagty Londonda bosgun krizisi bilen arabaglanşykly çärä gatnaşdy.

Žoli çärede eden çykyşynda Ýewropanyň global bosgun krizisiniň diňe kiçijik bir bölegini emele getirýändigini aýdan Žoli “Dünýäde 60 milliondan gowrak adam başga ýere göçmäge mejbur boldy. Biz günbatarlylar ne bosgun krizisiniň ortasynda ne-de uly jogapkärçiligi öz üstümize alan adamlardan biri” diýdi.

Žoli bosgunlar üçin halkara ynsanperwer ulgamyň çökendigini, göç gorkusy bilen ýaşaýan ýurtlaryň özlerini goramak üçin bäsleşýändiklerini nygtady.

Žoli Türkiýäniň, Pakistanyň, Liwanyň, Eýranyň we Iordaniýanyň bosgun syýasaty hakynda öwgüli sözler aýtdy we şol ýurtlaryň bosgunlar üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýratyn belledi.



Degişli Habarlar