BMG Halapda çaknyşyklaryň güýçlenmegine alada bildirdi

Howa hüjümleri we çaknyşyklar mekdeplere, hassahana we metjitlere ýaramaz täsirini ýetirýär

BMG Halapda çaknyşyklaryň güýçlenmegine alada bildirdi

BMG Siriýanyň Halap şäherinde çaknyşyklaryň güýçlenmegine we asuda ilatyň ýitgi çekmegine alada bildirdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stephane Dužarriç metbugata beren beýanatynda, BMG-nyň Gumanitar işlerden jogapkär gullugynyň Halap şäherinde we töwereklerinde hüjümleriň güýçlenýändigi, çaknyşyklarda we howa hüjümlerinde asuda ilatyň ýitgi çekýändigi hakynda maglumat alandygyny aýtdy.

Stephane Dužarriç howa hüjümleriniň we çaknyşyklaryň mekdeplere, hassahana we metjitlere ýaramaz täsirini ýetirýändigini nygtady.

 


Etiketkalar: alada , BMG

Degişli Habarlar