Fransiýanyň Prezidenti Olan Mahmud Abbas bilen duşuşdy

Duşuşykda Ýakyn Gündogardaky howpsyzlyk meselesi seljerildi

471969
Fransiýanyň Prezidenti Olan Mahmud Abbas bilen duşuşdy


Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland Elysse köşgünde Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşdy.

Duşuşyga Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Walls bilen Daşary işler ministri Žan Mark Aýro Da hem gatnaşdy.

Duşuşykda Ýakyn Gündogardaky howpsyzlyk meselesi seljerildi.

Fransiýanyň Prezidenti Oland özara duşuşykdan soň beren beýanatynda Ysraýyl-Palestina parahatçylyk etaby hakynda durup geçdi.

Oland “Fransiýa parahatçylyk etabynyň oňyn netije bermegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň tagalla etmegini isleýär. Munyň üçin hem ilkinji nobatda taraplaryň duşuşmagyny isleýäris" diýip belledi.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bolsa Palestinadaky syýasy dialog şertini Ysraýylyň hökümetiniň bökdeýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar