Russiýa Eýrana S-300 ulgamynyň ilkinji tapgyryny ugratdy

Russiýanyň Wise-premýeri Dmitriý Rogozin Eýrana S-300 howa goranyş ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli dolulygyna tabşyrjakdygyny mälim etdi

469393
Russiýa Eýrana S-300 ulgamynyň ilkinji tapgyryny ugratdy

Russiýanyň “Eho Moskwy" radiosynda göni efirde çykyş eden Rogozin Russiýanyň Eýrana S-300 howa goranyş ulgamlarynyň ilknji tapgyrynyň ugradylandygyny belläp, iki ýurduň arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda S-300 ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli dolulygyna tabşyrjakdygyny habar berdi.

Rogozin: “Ylalaşyga laýyklykda hereket edýäris. Olar töleýär, biz ugradýarys. Biz ugratmaga başladyk. Ulgamy tapgyrlaýyn görnüşde ugradýarys. Ylalaşykda näçe sany roketa, näçe sany rampa bardygy bellenen. Häzirki wagtda anyk näme ugradylandygy barada beýanat bermäge hukugym ýok, emma ulgamyň Russiýanyň we Eýranyň hünärmenleri tarapyndan bellenen ýol bilen ugradylandygyny aýdyp bilerin" diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: “Russiýa bilen Eýranyň arasynda S-300 howa goranyş ulgamynyň ugradylmagy bilen baglanşykly ylalaşygyň ilkinji tapgyrynyň durmuşa geçirilendigi" habar berilýär.

Russiýanyň Eýrana näçe sany roketa ugradandygy entek bilinenok.

Eýran özüniň howa goranyşyny güýçlendirjek S-300 roketa goranyş ulgamyny satyn almak üçin Russiýa bilen 900 million dollarlyk ylalaşyk baglaşypdy.

Resmi Tähran we resmi Moskwa Ysraýylyň, ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň garşy çykan ylalaşygyny 2007-nji ýylda baglaşypdy.

Emma ýadro programasy sebäpli Eýrana garşy goýulan sanksiýalar sebäpli roketalar ugradylmandy.

Embargolaryň geçen ýyl aýrylmagyndan soň ylalaşygyň ýaňadandan güýje girmegi üçin öňünde päsgelçilik ýokdy.

S-300 ulgamy Russiýanyň elindäki iň döwrebap roketa goranyş ulgamy hökmünde kabul edilýär.

Roketalar ençeme kilometr alysdaky uçarlary we beýleki roketalary nyşana alyp, ýok edip bilýär.



Degişli Habarlar