Ýemende guran howa hüjüminde 21 husy öldürildi

Husiler bilen Hadiniň tarapdarlarynyň arasyndaky çaknyşyklar güýçlenmek bilen dowam edýar

464313
Ýemende  guran howa hüjüminde 21 husy öldürildi

Ýemende Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň Taiz şäherinde guran howa hüjüminde 21 husy öldürildi.

Prezident Abdurabbu Mansur Hadiniň tarapdarlary tarapyndan berlen beýanatda hüjümlerde 1 tank bilen ýarag amarynyň ýok edilendigi nygtaldy.

Prezident Hadiniň tarapdarlary husileriň eline geçen käbir etraplaryň gözegçiligini yzyna almak üçin hüjüm guraýar.

Husiler bilen Prezident Hadiniň tarapdarlarynyň arasyndaky çaknyşyklar güýçlenmek bilen dowam edýar.


Etiketkalar: #Ýemen , #howa hüjümi , #tank

Degişli Habarlar