Ysraýylyň tussaghanalarynda 1 müň 700 syrkaw palestinaly tussaglykda saklanýar

Isa Karaki häzirki wagtda Ysraýylyň Ar-Ramle tussaghanasynyň hassahanasynda 20 palestinaly tussaglynyň bardygyny nygtady

463645
Ysraýylyň tussaghanalarynda 1 müň 700 syrkaw palestinaly tussaglykda saklanýar

Palestina Ýesir işleri ýokary geňeşiniň başlygy Isa Karaki: “Milli, syrkaw tussaglylar bilen raýdaşlyk güni" mynasybetli beren ýazmaça beýanatynda Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinaly syrkaw tussaglylara derman berilmeýändigini, agyr we gözgyny ýadagýda saklanýandyklaryny mälim etdi.

Karaki tussaglylaryň endamlarynda ýaýramagyna we köpelmegine sebäp bolýan kesellere garşy çäre görülmeýändigini we şeýlelik bilen ölüme terk edilýändiklerini habar berdi.

Karaki tussaglylaryň arasynda maýyplaryň, ysmazlylaryň, ýatanlaryň, böwrekleriniň ýaglananlarynyň, ýürek, öýken, rak keseli ýaly keseller bilen kesellän adamlaryň bardygyny belledi.

Isa Karaki häzirki wagtda Ysraýylyň Ar-Ramle tussaghanasynyň hassahanasynda 20 palestinaly tussaglynyň bardygyny nygtady.



Degişli Habarlar