Siriýaly 3 müň zenan Merkeli Kilise çagyrdy

Zenanlar Merkeliň bu şanly günde özlerine goldaw bermegini isledi

443135
Siriýaly 3 müň zenan Merkeli Kilise çagyrdy


Birnäçe ýyldan bäri Kilisde ýaşaýan siriýaly 2981 zenan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli 8-nji mart Bütindünýa aýal-gýzlar güni mynasibetli şähere çagyrdy.

Zenanlar Merkeliň bu şanly günde özlerine goldaw bermegini isledi.

Jemhuriýet meýdanynda geçirlen çärede Kilisli we Siriýaly müňlerçe zenan türk, arap, nemes we iňlis dillerinde “söweşe garşy" şygarlar aýtdylar we Merkeliň portredini göterdiler.

Zenanlar soň bolsa türk, arap, iňlis we nesmes dillerinde ýazylan “Çakylygymyzy kabul ediň we birlikde dünýä parahatçylyk ýüzlenmesini bereliň" diýlip ýazylan uly çakylyga şäheriň ýolbaşçylary bilen birlikde gol goýdylar.

Çärä, uly çakylyk hatynyň Ginnesiň rekortlar kytabyna alynmagy üçin Prof. Dr Orhan Kuralyň ýolbaşçylygyndaky Bütindünýa zenan rekordlary toparynyň agzalary hem gatnaşdy.

Ini 1,5 metr we boýy 19,1 metr bolan çakylyk haty Ginnesiň rekordlar kytabyna girmäge dalaşgär.



Degişli Habarlar