Russiýa bosgun krizisini ýarag hökmünde ulanmak bilen aýyplandy

Breedlow “Krizisiň Moswa üçin bähbitli bolandygyny" öňe sürdi

442969
Russiýa bosgun krizisini  ýarag hökmünde ulanmak bilen aýyplandy

NATO-nyň Ýewropa hyzmatdaş güýçleriniň serkerdesi Amerikaly general Filip Breedlow Russiýany we Siriýanyň Prezidenti Başar Asady bosgun krizisini günbatarly ýurtlara garşy ýarag hökmünde ulanmak bilen aýyplady.

Bosgun krizisiniň Ýewropada durnuksyzlyga sebäp bolandygyny aýdan Breedlow “Krizisiň Moswa üçin bähbitli bolandygyny" öňe sürdi.

Amerikan senadynda çykyş eden general Breedlow “Russiýa bilen Siriýanyň hökümeti bosgun krizisini bilkastlaýyn güýçlendirmek üçin howa hüjümlerini guraýar" diýdi.

Siriýanyň ýaragly güýçleriniň ulanýan barrel bombalary bilen Russiýanyň howa hüjümleriniň asuda ilaty nyşana alýandygyny aýdan Breedlowe, şol howa hüjümleriniň bosgun akymyna sebäp bolýandygyny belledi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Wise-premýeri Dmitriý Rogozin, Breedlowyň tankydy belliklerine Twitter arkaly jogap berdi.

Rogozin Twitter arkaly beren beýanatynda “Owganystanda toý ýerlerini bombalamak boýunça hünärmen ýagdaýyna gelenler bizi bosgun akymyna sebäp bolmak bilen günäkärledi" diýdi.



Degişli Habarlar