Çeçen lider syýasatdan çekilýär

Ramzan Kadirow syýasatdan çekiljekdigini habar berdi

441289
Çeçen lider syýasatdan çekilýär


Russiýanyň Çeçenistan Awtanomiýasynyň lideri Ramzan Kadirow syýasatdan çekiljekdigini habar berdi.

Moskwada oppozisionerleriň çeçen lideriň Russiýanyň howpsyzlygyna wehim salýandygy hakyndaky habarnamasynyň paş bolmagy sebäpli Kadirowyň şeýle karar kabul edendigi nygtaldy.

8 ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Kadirow köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda indi maşgalasy we dini işler bilen gyzyklanmak isleýändigini aýtdy.

Kadirow “İş möhledim gutardy, ýerime başgasyny belläň" diýdi.

Kadirowyň tarapdarlary bolsa çeçen lideriň kararyndan ýüz öwürmegi maksady bilen ýöriş guraýar.

Resmi Moskwanyň alyp barýan syýasatyna goldaw berýän we her pursatda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine tabynlygyny beýan edýän çeçen lideri 2 ýyl ozal rus oppozisioner Nemtsowyň öldürilmegi bilen aýyplanypdy.

Çeçen lideri Kadirow ýaňy ýakynda hem liberal syýasatçylardan biri öldürmek bilen hemle atypdy.



Degişli Habarlar