Kerri rus howa hüjümlerinde çekilýän ýitgä alada bildirýär

Kerri Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

437180
Kerri rus howa hüjümlerinde çekilýän ýitgä alada bildirýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada dowam edýän rus howa hüjümlerinde asuda ilatyň çekýän ýitgisine uly alada bildirýändigini aýtdy.

Ýurdunyň Siriýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin degişli taraplary ýene-de bir gezek halkara jogapkärçiliklerine laýyklykda hereket etmäge çagyrýandygyny aýdan Kerri, bu ýerde ilkinji nobatda esasy jogapkärçiligiň Siriýanyň hökümetine we oňa goldaw berýänlere düşýändigini ýatlatdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny aýdan Jon Kerri, Siriýada duşmançylyklaryň ortadan aýrylmagy hökmünde häsiýetlendirlen etabyň gysga wagtda tamamlanmagyny umyt edýändigini belledi.

Siriýada hüjümleriň bes edilmegi maksady bilen döredilen BMG-nyň parahatçylyk güýjüniň Ženewadaky işleri hakynda pikir alyşan Jon Kerri bilen Sergeý Lawrow ýurtda gabaw astyndaky käbir etraplara ynsanperwer kömeginiň ýetirlendigi hakyndaky habarlaryň guwandyryjydygyny ýatlatdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Kerri bilen Lawrowyň telefon söhbetdeşliginde seljerlen ugurlar hakynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine we ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama maglumat berendiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar