Ysraýylly esgerleriň guran operasiýasynda 1 palestinaly ýogaldy

Başdan geçirlen wakalarda 13 adam hem ýaralandy

406553
Ysraýylly esgerleriň guran operasiýasynda 1 palestinaly ýogaldy

Ysraýylly esgerleriň Günbatar Şeriada ýöriş guran palestinaly ýaşlara garşy guran operasiýasynda 1 palestinaly ýogaldy, 13 adam hem ýaralandy.
Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Ysraýylly esgerler Al Halil şäheriniň Resul Jura etrapçasynda ýöriş guran palestinaly ýaşlara garşy hakyky gülleler bilen hüjüm gurady.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan mesele barasynda berlen ýazmaça beýanatda wakalarda 22 ýaşyndaky Udeý Erşidiň ýogalandygy nygtaldy.
Palestinanyň Ýarymgyzylaý jemgyýeti tarapyndan berlen beýanatda bolsa Günbatar Şeriada başdan geçirlen wakalarda 13 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar