"Hyzmatdaş ýurtlar bilen birlikde DAEŞ-i ýok ederis"

“Bize zeper ýetirmek isleýän ähli guramalary ýok ederis”

402430
"Hyzmatdaş ýurtlar bilen birlikde DAEŞ-i ýok ederis"

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hyzmatdaş ýurtlar bilen birlikde DAEŞ-i ýok etjekdiklerini aýtdy.
Ak Tamda halka ýüzlenip çykyş eden Obama DAEŞ we terrora garşy göreş temaly çykyşynda möhüm ýüzlenmeler berdi.
Obama Kaliforniýa guralan hüjümiň jogapkäri bolan iki adamyň terror guramasy bilen arabaglanşygynyň bardygynyň anyklanandygyna ünsi çekdi we Prezident hem-de iki perzendiň atasy hökmünde ýurdunyň howpsyzlygy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirjekdigi hakynda söz berdi.
Terroryň hötdesinden geljekdiklerini aýdan Obama “Bize zeper ýetirmek isleýän ähli guramalary ýok ederis” diýip belledi we resmi Waşingtonyň terrora garşy tutanýerli tutum alyp barjakdyklaryny ýatlatdy.
DAEŞ-e garşy harby güýjüň artdyrylmalydygyny aýdan Obama, gury ýer urşuny strategiýa hökmünde görmeýändiklerini belledi.
DAEŞ-e garşy göreşýän toparlara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Obama, halkara hyzmatdaş ýurtlaryň goldaw bermeginde DAEŞ-iň nyşanalarynyň gysga wagtda ýok ediljekdigini ýatlatdy.
Prezident Obama terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde Türkiýe bilen Siriýa serhediniň ýapylmagy üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar