Badahşanda bolan çaknyşykda 10 terrorçy öldürildi

Owganystanyň demirgazyk-gündogardaky Badahşan welaýatynda Taliban guramasy bilen bolan çaknyşykda 3 howpsyzlyk işgäri bilen 10 terrorçy öldi

419296
Badahşanda bolan çaknyşykda 10 terrorçy öldürildi

Badahşanyň İçeri işler bölüminiň müdiri Sahidad Haidari terrorçylaryň gijara Ýamgan etrabyna hüjüm etmeginden soň çaknyşyk bolandygyny aýtdy.
Birnäçe sagat dowam eden çaknyşykdan soň howpsyzlyk güýçlerinin etrap merkezini terk edip, yza çekilmäge mejbur bolandygyny aýdan Haidari, terrorçylaryn etrapdaky döwlet binalaryny alandygyny nygtady.
Talibanyň wekili Zabihullah Muwahit bolsa hüjümde 14 esgeriň ýogalandygyny, 5 sanysynyň ele salynandygyny öňe sürüp, etrap merkezi bilen polisýa bölüminiň gözegçiligini ele geçirendiklerini nygtady.
Taliban mundan bir aý ozal hem ýurduň demirgazygyndaky Tahhar welaýatynyň Darhad etrabyynň gözegçiligini ele geçiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar