Prezident Erdogan Fransiýadaky hüjüm sebäpli gynanç bildirdi

Prezident Türkiýäniň terrora garşy 30 ýyldan gowrak wagt bäri göreşýändigini ýatlatdy

365878
Prezident Erdogan  Fransiýadaky hüjüm sebäpli gynanç bildirdi


Prezident R. T. Erdogan Fransiýada guralan hüjümleriň halkara jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy berk tutum alyp barmalydygyny görkezýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan G20-niň Liderler maslahaty üçin taýarlanana metbugat merkezinde Fransiýanyň paýtagty Parijde guralan ýaragly we bombaly hüjümler barada beýanat berdi.
Erdogan “Parijdäki bu elhenç hadysa terrorçylyga garşy göreş meselesinde halkara jemgyýetçiliginiň birlikde hereket etmelidigini görkezýär. Biz birnäçe ýyldan bäri halkara jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşde ylalaşyk gazanmalydygyny aýdýarys. Bu hüjümlerden soň terrorçylyga garşy göreşde sözüň gutan ýerine gelendigimizi ýatlatmak isleýärin” diýdi.
Prezident Türkiýäniň terrora garşy 30 ýyldan gowrak wagt bäri göreşýändigini ýatlatdy.
Prezident Erdogan Twitter arkaly hem türk we fransuz dillerinde hüjüm sebäpli gynanç bildirdi we hüjümleri berk ýazgardy.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “Fransiýada guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarýaryn, kärdeşim jenap Olanda we fransuz halkyna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar