Ysraýylly esgerler ýene-de 1 palestinalyny öldürdi

Ysraýylly polisler düýn hem Günbatar Şeriada 47 palestinalyny tussag edipdi

357188
Ysraýylly esgerler ýene-de 1 palestinalyny öldürdi

Günbatar Şeriada ulagyny ysraýylly esgerleriň üstüne sürendigi nygtalýan 1 palestinaly esgerleriň od açmagy netijesinde ýogaldy.

Günbatar Şerianyň günortasyndaky Beýt Ummar etrapçasynda ysraýylly esgerleriň od açmagy netijesinde ýaralanan palestinaly ýaş oglan bejeriş astyna alynan hassahanada ýogaldy.

Ysraýylyň Ýaragly güýçleri wakada 4 ysraýylly esgeriň ýaralanandygyny we ýoldaky ulaglara zeper ýetendigini habar berdi.

Ramallahda hem polis işgäriniň üstüne ulag sürdi diýip nygtalýan palestinaly ýaş oglan tussag edildi.

Ysraýylly polisler düýn hem Günbatar Şeriada 47 palestinalyny tussag edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar