Russiýa Siriýada ýene-de 83 ýere hüjüm gurady

Russiýanyň uçarlary Siriýada 30-nji sentaýbrdan bäri howa hüjümini guraýar

357146
Russiýa Siriýada ýene-de 83 ýere hüjüm gurady

Russiýanyň resmileriniň beren maglumatyna görä Russiýanyň harby uçarlarynyň guran howa operasiýasynda Siriýadaky Idlib, Hama, Damask, Halap we Deýruz Zor sebitlerinde 83 ýer nyşana alyndy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow metbugat işgärlerine beren beýanatynda guralan howa hüjümlerinde terror guramasyna degişli diýip anyklanan 83 ýere hüjüm gurandyklary aýdylýar.
Russiýanyň harby uçarlary Siriýanyň döwlet ýolbaşçysy Başar Asadyň haýyşyna laýyklykda 30-nji sentýabrdan bäri bu ýurtda howa operasiýalaryny guraýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi rus uçarlarynyň häzirki wagta çenli 750 ýere hüjüm gurandyklaryny nygtaýar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar