Hytaýyň ýadro desgalarynyň sany ABŞ-dan geçer

Resmi Pekin 2033-nji ýyla çenli 110-dan gowrak ýadro desgasyny gurmagy meýilleşdirýär

394767
Hytaýyň ýadro desgalarynyň sany ABŞ-dan geçer

Hytaýly resmiler täze ýadro desgalaryň gurluşygy üçin 786 milliard dollar aýyrdy.
China Times tarapyndan berilen habara görä Hytaýyň 13-nji 5 ýyllyk galkynyş maksatnamasyna laýyklykda her ýyl 6 bilen 8 aralygynda ýadro desgasy gurmagy meýilleşdirýär.
Elektrik togunyň 3 göterimini ýadro desgalaryndan alýan Hytaý 2030-nji ýyla çenli bu derejäni 20 göterime ýetirmegi maksat edinýär.
Dünýäniň iň uly 5-nji ýadro energetika öndürjisi bolan Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli Russiýany, Fransiýany, Ýaponiýany we iň soňunda bolsa ABŞ-ny geçip ýadro energetika öndürjiliginde 1-nji oruna geçjekdigi çak edilýär.
Resmi Pekin täze ýadro reaktorlarynyň taslamasynyň 2011-nji ýyldaky Fukuşima heläkçiliginiden soň togtadandygyny beýan edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar