Merkeliň Türkiýä gurajak sapary meselesi gün tertibine getirildi

Halk deputatlary Türkiýäniň Germaniýa üçin strategiýa taýdan esasy hyzmatdaşdygyny nygtadylar

354535
Merkeliň Türkiýä gurajak sapary meselesi gün tertibine getirildi

Germaniýanyň Federal mejlisinde Kansler Angela Merkeliň ýekşenbe güni Türkiýä gurajak sapary meselesi gün tertibine getirildi.
Halk deputatlary Türkiýäniň Germaniýa üçin strategiýa taýdan esasy hyzmatdaşdygyny nygtadylar.
Ankarada guralan terrorçylykly hüjüme uly gynanç bildiren halk deputatlary hüjümiň Türkiýedäki demokratiýany we parahatçylygy nyşana alandygyny nygtadylar.
Parlametde geçirlen oturlyşykda hökümetde ýer alýan Hristiýan birlik partiýalary bilen Sosýal demokrat partiýasynyň halk deputatlary Merkeliň Türkiýe saparynyň ähmiýeti barada durup geçdiler.
Oturlyşykda çykyş eden Hristiýan demokrat birlik partiýasynyň halk deputaty Andreas Nik Türkiýäniň Germaniýa üçin ýüz öwrülmesiz strategik hyzmatdaşdygyny aýtdy.
Halk deputatlary Türkiýäniň Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky çaknyşyklara ser salnanda strategiýa taýdan sebitde esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.
Käbir halk deputatlary bolsa “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi biziň üçin bähbitli bolar” diýdi.
Sosýal demokrat partiýasynyň halk deputaty Mişel Münterfering hem Ankarada guralan terrorçylykly hüjümiň Türkiýänin demokratiýasyna we asudalygyna garşy guralandygyny belledi we türk dilinde “yzy ýarasyn” diýdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar