Çatda 10 terrorçy atylyp öldürildi

Çatda 15-nji iýunda bombaly hüjümi guramak bilen aýyplanan 10 adam asylyp öldürildi

341327
Çatda 10 terrorçy atylyp öldürildi

Çadyň Ýokary kazyýeti paýtagt Ndžamenada 15-nji iýunda guralan, 28 adamyň ýogalmagyna we 57-si agyr 101 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi guran terror guramasy Boko Harama agza bolan 10 adamy asyp öldürdi.

Çarşenbe güni başlan kazyýet diňlenşiginde tussag edilenler adam öldürmekden, terror guramasyny gurmakdan, bombaly hüjüm gurmakdan, ýarag we ok-däri götermekden, neşe maddalaryna eýe bolmakdan we olary ulanmakdan günäkärlendiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar