Owganystanda 118 terrorçy öldürildi

Ýurduň hökümetiniň Talibana garşy göreşi dowam edýär

337069
Owganystanda 118 terrorçy öldürildi

Owganystanda terror guramasy Talibana garşy guraýan operasiýalarynda soňky 2 günde 118 terrorçy öldürildi, 62 terrorçy ýaralandy.
Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda çaknyşyklarda 14 esgeriň hem ýogalandygy habar berildi.
Operasiýalar esasan hem ýurduň günortasyndaky Nangarhar, Lagman, Helmand, Paktiýa, Paktika, Uruzgan, Kandahar, Kunduz, Ferýab welaýatlarynda we paýtagt Kabulyň Surubi we Haki Jebar etraplarynda geçirildi.
Beýleki tarapdan çaknyşyklarda asuda ilatdan ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň sany hem barha köpelýär.
BMG-nyň Owganystana Ýardym missiýasynyň hasabatyna görä şu ýylyň başyndan awgusta aýyna çenli asuda ilata hem zeper ýeten 1 müň 523 waka bolup geçdi.
Çaknyşyklarda asuda ilatdan 300-e golaý adam ýogaldy we 1 müň 241 adam ýaralandy.
Adamlaryň aglabasy kamikaze hüjümlerinde ýogaldy.
Hasabata görä çaknyşyklarda zyýan çeken adamlaryň sany 2014-nji ýyla garanyňda 2 esse artdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar