Russiýa Siriýa meselesinde ABŞ berk tankyt etdi

Lawrow Halid Meşaly Moskwa çagyrdy

313959
Russiýa Siriýa meselesinde ABŞ berk tankyt etdi

Kataryň paýtagty Dohada saparda bolan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýa meselesinde ABŞ-ny berk tankyt etdi.
Lawrow resmi Waşingtonyň Asady häkimiýet başyndan çetleşdirmek syýasatynyň terror guramasy DAEŞ-e garşy täsirli göreşiň alnyp barylmagyna böwet bolýandygyny öňe sürdi.
Bu ýagdaýyň halkara hukuk kadalaryna tersdigni aýdan Lawrow ABŞ-nyň bu tutumy sebäpli DAEŞ-e we Al Nusra hereketine garşy göreş üçin halkara güýjüň döredilip bilinmändigini nygtady.
Siriýanyň hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Lawrow, Ak Tamyň metbugat geňeşçisiniň “Asada garşy oppozisionerlere goldaw bermäge dowam ederis” diýen sözleriniň kabul edilip bilinmejekdigini ýatlatdy.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Dohada Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr we Hamasyň syýasy lideri Halid Meşal bilen duşuşdy.
Lawrow Halid Meşaly Moskwa çagyrdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar