Talibana agza 28 terrorçy öldürildi

Uçarmansyz howa ulaglary bilen Talibana garşy hüjüm guraldy

380934
Talibana agza 28 terrorçy öldürildi

Owganystanda Amerikanyň ýaragly güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümde Talibana agza 28 terrorçy öldürildi.
Ýurduň gündogarynda Nangarhar şäherinde bir ýere jemlenşen Talibanyň agzalaryny nyşana alynan hüjümde asuda ilata zeper ýetirilmedi.
Taliban bolsa hüjüm barada hiç hili beýanat bermedi.
Soňky döwürde Owganystanyň gündogarynda esasan hem Nangarhar şäherinde uçarmansyz howa ulaglary bilen yzygiderli hüjüm guralýar.
Hüjümlerde häzire çenli Talibana we DAEŞ-e agza 100-den gowrak terrorçynyň öldürlendigi habar berildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar