Ylalaşyk 2 sagat dowam edi

Ýemende ylalaşyk bozuldy

378631
Ylalaşyk 2 sagat dowam edi

Ýemende hüjümleriň şenbe gününden başlap bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylypdy.
Emma ylalaşygyň güje girmeginden 2 sagat soň Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar paýtagt Sanany bombalady.
Saud Arabystanynyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň Husilere garşy 26-nji martda başladan howa hüjümlerinde häzire çenli 3 müňden gowrak adam ýogaldy.
Remezen aýynyň ahyryna çenli dowam etjek ylalaşgyň çäginde millionlarça adama ynsanperwer kömeginiň berilmegi meýilleşdirilýärdi.
BMG ýaňy ýakynda Ýemende ýagdaýyň agyrlaşýandygy barada duýduryş beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar