Palmirany DAEŞ-den almak üçin operasiýa başladyldy

Siriýanyň Ýaragly güýçleri terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky gadymy Palmira şäherini yzyna almak üçin operasiýa başlatdy

344379
Palmirany DAEŞ-den almak üçin operasiýa başladyldy

Humus bilen Palmira şäheriniň günbatarynda Asada tabynlykdaky güýçler bilen terror guramanyň arasynda güýçli ýaragly çaknyşyklar bolýar.
Siriýanyň Ýaragly güýçleri Palmira 7 km golaýlaşdy, güýçleriň harby uçarlary bolsa şäheriň töweregindäki guramanyň gözegçiligi astyndaky ýerlere hüjüm etdi.
DAEŞ çaknyşyklarda Asada tabynlykdaky 10 esgeri öldürdi, 3 taňky bolsa ýok etdi.
Sebitde ýaragly çaknyşyklar dowam edýär.
DAEŞ 2 müň ýyllyk taryhy bolan Rim medeniýetine degişli bolan gadymy şäheri maý aýynda ele geçiripdi.
Gurama soňky gezek taryhy şäheriň teatrynda 25 siriýaly esgeri öldürendigi baradaky wideony internetden görkezipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar