Ýemende ýaragly çaknyşyklar möwjeýär

Adendäki ýaragly çaknyşyklarda hem şaýy Husi güýçlerinden hem-de Prezident Abdurrabdi Manur Hada bagly güýçlerden ýogalanlaryň sany artýar

329344
Ýemende ýaragly çaknyşyklar möwjeýär

Ýaragly çaknyşyklaryň barşynda döwlet binalaryna we ýaşaýyş jaýlaryna uly zeper ýetýär.

Çaknyşyklar sebäpli 160 hassahana ýapylyp, ýurtda gyzdyrma, mergi we beýleki ýokanç keseller ýaýbaňlandy.

BMG-sy adamzat tragediýasyna sezewar bolan ýurtda 6 aý möhlet bilen 3-nji derejeli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Adatdan daşary ýagdaýyň iň ýokary derejesi bolan 3-nji dereje Yrakda, Siriýada we Günorta Sudanda entegem dowam edýär.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun taraplaryň bolmanda Oraza aýynyň ahyryna çenli çaknyşyklaryň bes etmekleri üçin çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar